HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň agentlikleri we olaryň Türkmenistandaky milli hyzmatdaşlary resminamalaryň täze toplumyny kabul etdiler

Fewral 27, 2023 | 21:16 |8665
Şu gün Türkmenistanyň DIM-de döwlet edarlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmek hakynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Täze resminamalar 2021-2025-nji ýyllar üçin BMGÖM-e, UNISEF we UNFPA bilen bilelikdäki maksatnamalarda kesgitlenilen ileri tutulaýn ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.Şu gün Türkmenistanyň DIM-de döwlet edarlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmek hakynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Täze resminamalar 2021-2025-nji ýyllar üçin BMGÖM-e, UNISEF we UNFPA bilen bilelikdäki maksatnamalarda kesgitlenilen ileri tutulaýn ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Çeşme: orient.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-de döwlet edarlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmek hakynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Täze resminamalar 2021-2025-nji ýyllar üçin BMGÖM-e, UNISEF we UNFPA bilen bilelikdäki maksatnamalarda kesgitlenilen ileri tutulaýn ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

2.jpg

Häzirki 2023-nji ýyla taraplar umumy işleriň netijelerine baha bermek üçin bu maksatnamalary amala aşyrmakda baglanyşdyryjy döwür hökmünde garaýarlar. BMG-niň agentlikleri bilen Türkmenistanyň edralarynyň 19-synyň arasynda ylalaşyklaryň 26-syny özünde jemleýän resminamalaryň häzirki toplumy hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugrlaryny gurşap alýar. Bu ulgamlarda BMG-niň milli hyzmatdaşlary hökmünde hökümet we jemgyýetçilik guramalary, hukuk goraýjy edaralar, parlament, KHBS-i we beýlekiler çykyş edýärler.

4.jpg

Hususan-da, BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasy Mejlis, Baş prokuratura, Adalat, Içeri işler, Ykdysadyýet we maliýe, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri, Statistika baradaky döwlet komiteti, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Adalatçynyň edarasy bilen 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekdi. Şeýle hem UNISEF-iň, Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Zenanlar birleşmesiniň arasynda şu ýyl üçin işleriň umumy meýilnamasy düzüldi.

6 (1).jpg

BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy (UNDP) “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmak işlerini giňeltmekde mundan beýläk-de ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminama, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Adalatçynyň edarasy, Körler we kerler (maýyplygy bolan adamlaryň iş bilen meşgullanmagy we bilimi babatda) jemgyýeti bilen ugurdaş ylalaşyklara gol çekdi.

8 (1).jpg

UNDP Oba hojalyk we daşky gurşway goramak ministrligi (Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleri ösdürmek taslamasy, Aral deňziniň giňişligindäki çäkleri durnukly ösdürmek, uýgunlaşmak işlerini kämilleşdirmek boýunça) hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen birnäçe resminamalara gol çekdi.

9 (1).jpg

Mundan başga-da, BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, sport edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň derejesinde birnäçe resminamalar kabul edildi.

7.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026