HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID BMG-niň Aşgabat Model maslahaty boýunça başlangyjy işe girizmek üçin BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlyk edýär

Fewral 25, 2023 | 17:27 |7684
USAID-iň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirýetiniň sebitleýin edarasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi we Daşkentdäki Halkara Westminster uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda “Türkmenistan: BMG-niň Aşgabat Model konferensiýasy (BMGTMK)” başlangyjyny işe girizdi.USAID-iň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirýetiniň sebitleýin edarasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi we Daşkentdäki Halkara Westminster uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda “Türkmenistan: BMG-niň Aşgabat Model konferensiýasy (BMGTMK)” başlangyjyny işe girizdi.
Çeşme: Предоставлено USAID

USAID-iň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirýetiniň sebitleýin edarasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi we Daşkentdäki Halkara Westminster uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda “Türkmenistan: BMG-niň Aşgabat Model konferensiýasy (BMGTMK)” başlangyjyny işe girizdi.

2 (2)-1.jpg

BMG-niň Model konferensiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň işine düşünmegi çuňlaşdyrmak, gatnaşyjylara ählumumy meseleler babatda maglumat bermek hem-de hyzmatdaşly we diplomatiýa arkaly parahatçylyga hem-de BMG-niň işine ýardam bermek maksady bilen tutuş dünýä boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaryň tapgyryndan ybaratdyr.

BMGTMK Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirýetiniň sebitleýin edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan okuw materiallaryny ýaýratmak boýunça işleri goldar we olaryň üstüni ýetirer.

Başlangyç birnäçe tapgyrlardan ybaratdyr, şolar tamamlananyndan soň, şu ýylyň ahyrynda BMG-niň jemleýji Model konferensiýasy geçiriler.

3 (2)-1.jpg

Häzir Türkmen döwwlet uniwersitetiniň, DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň uçurymlary TAMUN-a taýýarlyk görmegiň dört günlük okuwyna başladylar. Okuwlar Daşkentdäki Halkara Westminster uniwersiteti tarapyndan geçiriler, onuň milli we sebit derejelerinde yzygiderli esasda BMg-niň Model konferensiýalaryny guramakda uly tejribesi bar.

Gatnaşyjylar birinji günüň dowamynda BMGMK bilen tanyşmak boýunça umumy maglumat aldylar. Daşkentdäki Halkara Westminster uniwersitetiniň bilermenleri Özbegistanda şeýle çäreleriň guralyşyna degişli tejribelerini paýlaaşdylar. Her okuwdan soň, sowallaryň we jogaplaryň, şeýle hem ara alyp maslahatlaşmalaryň tapgyry bolýar.

4-2.jpg

Ikinji güni BMGMK-niň düzgünlerine we amallaryna bagyşlamak meýilleşdirilýär. Bu okuwda diňleýjiler giňişleýin talaplar, BMGMK-de ulanylýan adalgalar we formal dil barada bilimleri alarlar. Üçünji gün eýerilýän ýörelgeler beýan edilen resminama bagyşlanar, şonda okuwa gatnaşyjylar bu resminamanyň yzygiderli ýazylmagynda tejribe geçerler. Mundan başga-da, ikinji, üçünji we dördünji günlerde BMG-niň hem-de USAID-iň wekilleri terrorçylyga garşy göreşmek, jenaýatçylygy öňünden duýdurmak, adam söwdasyny öňünden duýdurmak we oňa garşy hereket etmek hem-de adam hukuklarynyň esasy orny baradaky meseleler boýunça tematiki okuwlary geçirerler.

5 (2)-1.jpg

Okuw maslahaty BMG-niň Model konferensiýalarynyň hakyky görnüşdäkisiniň neneňsi guralýandygy we geçirilýändigi barada talyplaryň düşünjesini berkitmäge, olary guramaçylyk we jemgyýetçilik başarnyklaryny ösdürmek üçin BMG-niň Modelleriniň düzgünleri we amallary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir, şolar geljekde olara şeýle maslahatlary geçirmäge kömek eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026