HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Iňlis dili boýunça II halkara internet olimpiadasy

Fewral 27, 2023 | 13:53 |17088
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyDöwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Çeşme: TMDDI tarapyndan berildi

Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň islendik ýyl talyplary gatnaşyp biler.

Olimpiada gatnaşmak isleýän talyp 2023-nji ýylyň mart aýynyň 31-ine çenli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň resmi internet saýtynda datmddi.edu.tm hasaba alynmaly. Munuň üçin gatnaşyjy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen Internet olimpiada sahypasynda ýerleşdirilen soragnamany doldurmaly.

Olimpiada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň resmi internet saýtynda test görnüşinde geçirilýär. Olimpiada 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 12-13-i aralygynda bellenilen tertipde ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda institutyň resmi internet saýtyna birikmek arkaly geçiriler. Test iňlis dilinde okaýyşa, diňlemä, grammatika degişli 10 ýumuşdan ybarat bolup, onuň ýerine ýetirilmegine 90 minut wagt berilýär.

Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin: patrioticyouthtniwl@gmail.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026