ABŞ-nyň döwlet sekretary Türkmenistanyň hökümetiniň wekili bilen Astanada gepleşikleri geçirer


ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapar bilen barar. Bu barada Döwlet departamentiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan penşenbe güni ýaýradylanýazmaça beýanatynda aýdylýar – diýip, TASS habar berýär.
Astanada Blinken С5+1 formatyndaky ministrler duşuşygyna gatnaşar, ol Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) ABŞ-nyň gatnaşyklarynyňköptaraplaýyn mehanizmidir.
Praýsyň sözlerine görä, duşuşyga gatnaşýan agza-ýurtlaryň «ykdysady, energetiki we ekologiki, şeýle hem howpsuzlyk babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanar».
Blinken şeýle hem Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hökümetleriniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirer, onda «ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we umumy maksady öňe gidermegiň - gülläp ösýän, howpsuz we demokratiki sebiti» ara alyp maslahatlaşylar – diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, döwlet sekretaryny prezident Kasym-Žomart Tokaýew kabul eder we ol premýer-ministriň orunbasary – Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen gepleşikleri geçirer. Munuň Entoni Blinkeniň Gazagystana ilkinji resmi saparydygy anyklanylýar.
Soňra Döwlet departamentiniň ýolbaşçysy Daşkende ugrar, ol ýerde Özbegistanyň ýokary derejedäkiwezipeli adamlary bilen duşuşar. 1-nji martda Blinken Nýu-Delä uçar, ol ýigrimligiň Toparynyň ýurtlarynyň daşary ykdysady edaralarynyň baştutanlary bilen duşuşyga gatnaşar. Duşuşuk, Praýsyň bellemegine görä, «azyk we energetika howpsuzlygy babatynda köptaraplaýyn çemeleşme usulyny pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, durnukly ösüşe, neşe serişdelerine garşy göreşe, bütindünýä saglygy goraýyşa, ynsanperwerlik kömegine we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmeklige bagyşlanar».
ORIENT habarlar








