Serdar Berdimuhamedowa Bahreýn patyşalygynyň iň ýokary sylagy gowşuryldy


Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa Al-Halifa Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa patyşalygynyň iň ýokary sylagyny – Şeýh Isa Bin Salman Al-Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni gowşurdy.
Bu sylaga Türkmenistanyň baştutany iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge goşan uly goşandy, sebit we halkara möçberinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty alyp barýandygy üçin mynasyp boldy.
Serdar Berdimuhamedow bildirilen ýokay hormat üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, bu belent sylaga Türkmenistana hem-de onuň halkyna goýulýan çuňňur hormatyň, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.
Ordeni gowşurmak dabarasy çarşenbe güni, 22-nji fewralda Manamada ýokary derejede geçirilen türkmen-bahreýn gepleşiklerinden soň bolup geçdi.
ORIENT news








