HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brodweýiň mukamy Aşgabadyň tomaşaçylaryny maýyl etdi

Fewral 10, 2023 | 22:37 |8214
Anna güni Aşgabatda Mukamlar köşgünde brodweýli artistler Keýt Bassyň we Aarong Ýangyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Bilelikdäki aýdym-saz çykyşyna dirižýor Resul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary  we Döwlet horunyň artistleri gatnaşdylar.Anna güni Aşgabatda Mukamlar köşgünde brodweýli artistler Keýt Bassyň we Aarong Ýangyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Bilelikdäki aýdym-saz çykyşyna dirižýor Resul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary  we Döwlet horunyň artistleri gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistandaky ABŞ-nyň ilçihanasy

Anna güni Aşgabatda Mukamlar köşgünde brodweýli artistler Keýt Bassyň we Aarong Ýangyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Bilelikdäki aýdym-saz çykyşyna dirižýor Resul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Döwlet horunyň artistleri gatnaşdylar.

1.JPG

Konsert maksatnamasynda “Westsaýdskaýa istoriýa”, “Prizrak opery”, “Piraty Karibskogo morýa” diýen we beýleki uly meşhurlyga eýe bolan brodweý mýuzikllaryndan eserler ýaňlandy. Amerikan artistleri köp kompozisiýalary türkmen sazandalary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler.

2.JPG

“Bileşen Ştatlaryň ilçihanasy “Amerikan sazlary daşary ýurtlarda” atly maksatnamanyň çäklerinde Aşgabada gelen iki sany meşhur ýerine ýetirijiler Keýt Bossyň we Aarong Ýangyň gatnaşmagynda brodweý sazlarynyň türkmen-amerikan konsertini Aşgabadyň jemgyýetçiligine uly höwes bilen görkezýär. Bir hepdäniň dowamynda artistler döwlet orkestri we beýleki türkmen sazandalary bilen taýýarlyk görüp, medeniýetara gatnaşyklaryny hem-de konsertler, bilelikdäki çykyşlar, leksiýalar we okuw maslahatlary arkaly adamalryň arasynda aragatnaşyklary ýola goýdular” diýip, konsertiň açylyşynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S. Klimou belledi.

3.JPG

Brodweýli artistler “Amerikan sesleri” diýen Assosiasiýa tarapyndan utgaşdyrylýan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Amerikan sazlary daşary ýurtlarda” atly maksatnamasy boýunça Türkmenistana geldiler. Taslamanyň maksady – medeniýetara gatnaşyklary ýola goýmakdan we Amerikanyň baý saz sungatyny dürli ýurtlaryň diňleýjilerine ýetirmekden ybarat.

4.JPG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026