Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmen karateçileri BAE-ne ýaşlaryň ýaryşyna ugrarlar

Fewral 22, 2023 | 00:55 |9058
Türkmen karateçileri Fujeýrede (BAE) 23-26-njy fewral aralygynda geçiriljek Karate1 2023 Ýaşlar Ligasynyň birinji tapgyryna gatnaşarlar.Türkmen karateçileri Fujeýrede (BAE) 23-26-njy fewral aralygynda geçiriljek Karate1 2023 Ýaşlar Ligasynyň birinji tapgyryna gatnaşarlar.
Çeşme: orient.tm

Türkmen karateçileri Fujeýrede (BAE) 23-26-njy fewral aralygynda geçiriljek Karate1 2023 Ýaşlar Ligasynyň birinji tapgyryna gatnaşarlar.

Türkmen ýygyndy toparynyň düzümi 20 karateçiden ybarat bolup, olar möwsümiň şu tapgyrynda Baýram Ýalkapowyň ýolbaşçylygynda çykyş ederler. Olardan başga-da, wekiliýetiň düzümine eminleriň altysy girdi.

Karate1 2023 Ýaşlar Ligasy Halkara karate federasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlaryň tapgyrlarydyr.

Ýaryşa 67 ýurtdan türgenleriň 1100-den gowragy gatnaşar.

Liganyň indiki tapgyrlary La-Korunýi (Ispaniýa, 27-30-njy aprel), Parenso (Horwatiýa, 29-njy iýun – 3-nji iýul), Mehiko (Meksika, 21-24-nji sentýabr) we Wenesiýa (Italiýa, 7-10-njy dekabr) şäherlerinde dowam eder.

Geçen möwsümde medallary gazanmakda umumy toparlaýyn hasapda Müsüriň ýygyndy topary öňdeligi eýeledi. Ikinji orna Italiýanyň topary, üçünji orna bolsa Horwatiýanyň we Germaniýanyň wekilleri mynasyp boldular.

Artur PETROSYANTS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026