Türkmenistanda Dominikan Respublikasynyň ilçisi işläp başlady


Duşenbe güni Dominikan Respublikasynyň ilçisi Elwis Antonio Alam Lora Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa ynanç hatyny gowşurdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlady we täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we iri halkara guramalaryň çäklerinde özara hereket etmegiň mümkinçlikleri barada pikir alşyldy.
Ilçä Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, ýurtda alnyp barylýan özgertmeler, şeýle hem kanunçykaryjylyk ulgamynda milli parlamentiň ýerine ýetirýän işleri barada habar berildi.
Şeýle hem şol gün Dominikan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (kabulhanasy Ankarada) DIM-de kabul edildi, şonda onuň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda halkara giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, parahatrçylyk söýüjilikli başlangyçlary özara goldamaga taraplaryň ygrarlydygy bellenildi. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin dürli derejelerde ikitaraplaýyn saparlary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
ORIENT news








