HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-nyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Fewral 19, 2023 | 23:08 |13099
19-njy fewral, ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.19-njy fewral, ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Çeşme: wam.ae

19-njy fewral, ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabat halkara howa menzilinde iş sapary bilen gelen ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti garşy aldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda geçen ýylyň noýabr aýynda BAE-de geçirilen ýokary derejedäki türkmen-emirlik gepleşikleriniň iki döwletiň arasynda däp bolan dostluk we doganlyk dialogyny ösdürmegiň, özara bähbitli we deňhukukly esasda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze tapgyryna badalga berendigi bellenildi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan şu ýylyň 11-12-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE bolan resmi saparynyň ähmiýetini belläp geçdi.

unnamed (1).jpg

Iki ýurduň arasynda yzygiderli ýokary derejeli gepleşikleriň taraplaryň özara peýdaly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýandygy nygtaldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişi we ýurtda amatly maýa goýum mümkinçilikleriniň döredilmegi daşary ýurt işewürlerini, şol sanda Ýakyn Gündogardan işewür toparlaryň wekillerini özüne çekýändigi barada gürrüň edildi. Bu nukdaýnazardan söwda-ykdysady we ýangyç-energetika pudaklarynda, sosial desgalaryň gurluşygynda we ş.m. ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda köp wektorly ulag ulgamy döredilýär, deňiz ulag ulgamynyň infrastrukturasy giňeldilýär we täze awtoulag, howa we demir ýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriň uly göwrümli gurluşygy amala aşyrýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda halkara ähmiýetli iň uly ulag merkezlerinden biridir we geljekde BAE portlary bilen logistika zynjyrlaryny döretmek taslamasynda ähmiýetli orun eýeleýär.

unnamed.jpg

Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjine öwrülip biljek we maýa goýumlaryny çekmek, innowasiýa pudaklaryny döretmek, bank we maliýe pudagynda özara täsir etmek üçin täze mümkinçilikleri açyp biljek bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmeklik esasy orna eýedir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026