HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen boksçysynyň Moskwada geçiren tutluşygy deňlik bilen tamamlandy

Fewral 18, 2023 | 18:02 |17154
Türkmen boksçysy Yhtiýar Maşaripow bilen Russiýanyň wekili Sergeý Makedonyň arasyndaky söweş tehniki deňlik bilen tamamlandy. Söweş 17-nji fewralda Moskwada “Pravda Old School Boxing” ýaryşynyň çäklerinde geçirildi.Türkmen boksçysy Yhtiýar Maşaripow bilen Russiýanyň wekili Sergeý Makedonyň arasyndaky söweş tehniki deňlik bilen tamamlandy. Söweş 17-nji fewralda Moskwada “Pravda Old School Boxing” ýaryşynyň çäklerinde geçirildi.
Çeşme: Pravda boxing YouTube kanaly

Türkmen boksçysy Yhtiýar Maşaripow bilen Russiýanyň wekili Sergeý Makedonyň arasyndaky söweş tehniki deňlik bilen tamamlandy. Söweş 17-nji fewralda Moskwada “Pravda Old School Boxing” ýaryşynyň çäklerinde geçirildi.

Dört tapgyra meýilleşdirilen ikinji orta agram derejesindäki tutluşyk üçünji raundda tamamlandy.

Iki boksçy üçinem bu duşuşyk halkara professional derejesinde ilkinji söweşidir.

1-1.JPEG

Birinji tapgyrda Maşaripow aralygy gözegçilikde saklamak arkaly artykmaçlygy ele aldy. Ikinji üç minutlykda türkmen boksçysy birnäçe urgy geçirip, söweşi işjeň ýagdaýda dowam etdirdi.

Üçünji tapgyr deň söweşde geçirildi, ýöne gutarmagyna otuz sekunt galanda, boksçylar kelleleri bilen çaknyşdylar. Netijede, rus söweşijisine agyr şikes ýetdi we lukmanlaryň ündemegi bilen söweş togtadyldy.

2-1.JPEG

Gysga çekişmeden soň, eminler topary söweşiň netijesini tehniki deňlik diýip yglan etdi.

28 ýaşly Yhtiýar Maşaripow Daşoguz şäherinde doguldy. Ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby. Sport ussatlygyna dalaşgäriň soňky sport üstünligi - boks boýunça Türkmenistan-2022 kubogynyň bürünç medalydyr.

3-1.JPEG

Onuň garşydaşy – russiýaly 32 ýaşly türgen Sergeý Makedon. Boks boýunça sport ussatlygyna dalaşgär, şeýle hem karate boýunça sport ussady.

“Pravda Fighting Championship” – 2021-nji ýylda başlanan rus mahabaty. Bäsleşigiň çäginde boks söweşleri we garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça duşuşyklar geçirilýär.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026