Türkmenistan BMG-niň Komissiýasynyň täze rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi


Türkmenistan BMG-niň Komissiýasynyň durmuş ösüşi boýunça «Ýaşlaryň gatnaşmagyndaky syýasatlar we maksatnamalar» rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi – diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Resminama Komissiýanyň 61-nji sessiýasynda kabul edildi. Rezolýusiýada ýaşlaryň durnukly ösüşdäki milli, sebitleýin we dünýä derejesindäki orny nygtalýar.
Mejlisiň barşynda 2030 — Gün tertibinde berkidilen sosial gönükdirilen maksatlary öňe sürmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen beýleki rezolýusiýalaryň we kararlaryň birnäçesine seredildi.
Türkmenistan durmuş ösüşi boýunça BMG-niň Komissiýasynyň agzasy hökmünde mejlisde ynsan mümkinçiligine maýa goýmak – saglygy goraýyşa we bilime, durmuş taýdan goraglylyk çärelerini güýçlendirmek, bütindünýä azyk ulgamynyň gowulandyrylmagy boýunça bilelikdäki tagallalar ugrunda çykyş etdi.
Bu ýyl BMG-niň Komissiýasynyň durmuş ösüşi boýunça sessiýasy «COVID-19 pandemiýasyndan soňra gaýtadan dikeldilmegi tizleşdirmek üçin we durnukly ösüş babatynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini doly ýerine ýetirmek üçin deňsizligi ýeňip geçmegiň usuly hökmünde doly we önümçilik meşgullanmagyny we hemmeler üçin gowy iş döretmek» şygary astynda geçirildi.
Durmuş ösüşi boýunça Komissiýa BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň edarasydyr. Oňa BMG-niň agza döwletleriniň 46-sy girýär. Komissiýanyň wezipelerine ösüşe ýardam etmek, ýurt we halkara derejesinde sosial syýasat babatynda halkara ölçegleriniň ornaşdyrylmagynyň monitoringi girýär.
ORIENT habarlar








