HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Kolombodaky ýaryşyň ýarym finalyna çykdy

Fewral 17, 2023 | 16:13 |4982
Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň dünýä çempionatynda (World Junior Tennis Competition 2023) play-off tapgyrynda Nepalyň toparyny ýeňdi (3:0).Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň dünýä çempionatynda (World Junior Tennis Competition 2023) play-off tapgyrynda Nepalyň toparyny ýeňdi (3:0).
Çeşme: Türkmenistanyň tennis Federasiýasy

Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň dünýä çempionatynda (World Junior Tennis Competition 2023) play-off tapgyrynda Nepalyň toparyny ýeňdi (3:0).

Selim Çagylow Nepaldan bolan bäsdeşinden 7:5, 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Imran Ahundow ýene bir nepally tennisçini kynçylyksyz ýeňdi (6:1, 6:0). Jübütlikde türkmen ikiligi Bridjeş Arýaldan we Darşil Şrestden üstün çykdy – 6:1, 6:2.

Birinjiligiň ýarym finalynda türkmen tennisçilerine Singapurdan bolan topar bilen duşuşyk garaşýar.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy o diýen şowly çekeş etmedi. Ilima Guseýnowa we Natalýa Martynowa 2:1 umumy hasap bilen Malaýziýadan gelen bäsdeşlerinden ýeňildiler.

Indiki ýaryşy türkmen tennisçi gyzlary Indoneziýanyň garşysyna ýaryşyň üçünji orny üçin bäsleşerler.

Ýatldýarys,14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa we Okeaniýa sebitiniň dünýä Çempionaty 15 ýurtdan – Türkmenistandan, Bangladeşden, Şri-Lankadan, Indoneziýadan, Singapurdan, Malaýziýadan, Nepaldan, Kambodžadan, Mongoliýadan, Ýemenden, Gyrgyzystandan, Liwandan, Makaodan, Saud Arabystanyndan we Ýuwaş Ummanyň birleşen toparynyň tennis sportunyň wekillerini ýygnady.

ORIENT haarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026