HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen boksçysy rus promouşnde söweş geçirer

Fewral 16, 2023 | 15:53 |12590
Türkmen boksçysy Ihtiýar Maşaripow rus söweşijisi Sergeý Makedona garşy çykyş eder. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Boks federasiýasynda habar berdiler.Türkmen boksçysy Ihtiýar Maşaripow rus söweşijisi Sergeý Makedona garşy çykyş eder. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Boks federasiýasynda habar berdiler.
Çeşme: unsplash.com

Türkmen boksçysy Ihtiýar Maşaripow rus söweşijisi Sergeý Makedona garşy çykyş eder. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Boks federasiýasynda habar berdiler.

Derejeli göreş Moskwada Pravda boxing halkara ýaryşynyň çäklerinde ýarym agyrlykda geçer. Onuň öňüsyrasynda 16-njy fewralda Aşgabat wagty bilen 12:00-da metbugat maslahaty we türgenleriň agramyny çekmek çäresi bolup geçer.

ORIENT-e Türkmenistanyň Boks federasiýasynda gürrüň berişleri ýaly, Ihtiýar Maşaripow ýaryşda ony gurnaýjylar tarapyndan ugradylan ýörite çagylyk boýunça çykyş eder, şeýle hem sportuň bu görnüşini meşhurlyga öwürmek maksady bilen bu sport çäresine gatnaşar.

Ihtiýar Maşaripow Daşoguz welaýatynda doglandyr. 27 ýaşly boksçy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talybydyr.

Sport ussatlygyna dalaşgäriň iň soňky sport üstünligi Türkmenistanyň Kubogy -2022-niň boks boýunça bürünç medalydyr.

Pravda Fighting Championship – 2021-nji ýylda badalga berlen rus promouşinidir. Ýaryşyň çäklerinde hem boks boýunça başa-baş söweşler, şeýle hem garyşyk ýekebara göreşler geçirilýär.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026