Aşgabat şäherine Şwesiýanyň, Kubanyň we Mongoliýanyň täze ilçileri geldi


Şu gün, 14-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Şwesiýanyň, Kubanyň we Mongoliýanyň täze ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi. Diplomatlary Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew kabul etdi, ilçiler tarapyndan oňa ynanç hatlary gowşuryldy.
Olar - Şwesiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Tomas Danestad (esasy ýaşaýan ýeri Stokgolm), Kuba Respublikasynyň ilçisi Karlos Enrike Waldez de la Konsepsiona (esasy ýaşaýan ýeri Baku) we Mongoliýanyň ilçisi Dorjiý Baýarhuu (esasy ýaşaýan ýeri Astana) dagylar.

Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, parlamentara gepleşikleri giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Söwda-ykdysady, medeni-gumanitar gatnaşyklary täze formatlarda işjeňleşdirmek zerurlygy nygtaldy.
Türkmen tarapy täze ilçileriň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işlerine zerur bolan ähli kömek-goldawlary bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşyklaryň umumy gün tertibinden daşary goşmaça käbir meseleler has jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Mysal üçin, Aşgabat bilen Gawana medeniýet, sport we saglygy goraýyş pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler. Ulan-Bator bolsa söwda, energetika, agrosenagat toplumy, dokma senagaty we ulag geçelgeleri ulgamynda, demir we awto ýollaryň sebitleýin ulgama birikdirilmegi babatda gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyr.

ORIENT news








