HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ynsanperwer kömek ýükli üçünji uçar Türkmenistandan Türkiýä ugraýar

Fewral 14, 2023 | 20:03 |16349
Türkmenistandan Türkiýede bolup geçen ýertitremesinden ejir çekenlere ynsanperwer ýükli üçünji uçar ugraýar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezinde guralan haýyr-sahawat çäresinde Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral aýtdy.Türkmenistandan Türkiýede bolup geçen ýertitremesinden ejir çekenlere ynsanperwer ýükli üçünji uçar ugraýar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezinde guralan haýyr-sahawat çäresinde Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistandan Türkiýede bolup geçen ýertitremesinden ejir çekenlere ynsanperwer ýükli üçünji uçar ugraýar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezinde guralan haýyr-sahawat çäresinde Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral aýtdy.

Ol türk döwletiniň we halkynyň bu heläkçilik zerarly ýetirilen ýaralary el-ele berip bejermek üçin uly tagallalary edýändigini aýtdy. Ilçi türkmen halky tarapyndan türk halky bilen raýdaşlygy duýýandygny belledi. Ol Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türk halkyna gynanç bildirip we ýurduň ejir çeken etraplarynyň tiz dikeldilmegi baradaaky arzuwlary beýan edilip iberen hatlary üçin hoşallyk bildirdi.

Türkiýede bolup geçen ýertitremeden soň, Türkmenistanyň kömek bermek üçin çäreleri gören ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny belläp, Oral şeýle diýdi: “7-nji fewralda düzümi 10 adamdan ybarat bolan saglygy goraýyş işgärleri derman serişdeleri bilen Türkiýä ugradylar. Dessine şondan soň hem Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasynyň ýanynda ýertitremesinden ejir çekenlere kömek bermek isleýän jemgyýetçilik guramlardan, kompaniýalardan, raýatlardan ynsanperwer kömegi jemlenildi we ol ikinji uçar bilen Türkiýä ugradyldy. Häzirki wagtda üçünji uçar hem ugradylmaga taýýarlanylýar” diýip, ilçi aýtdy.

1

Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremeler zerarly kömege uly mätäçligiň bardygyna Türkmenistranda oňat düşünilýär diýip, bellemek bilen Oral şeýle diýdi: “Kömege mätäçlik üýtgäp durýar we gün-günden täzelenýär. Şoňa görä-de biz kömegiň ýurdumyza çenli ýetmegi hem-de ejir çeken ilatyň zerur isleglerini kanagatlandyrmak üçin tagallalary edýäris”.

Häzirki wagtda ýaşamagy hem-de ýyly eşikler bilen üpjün etmegi guramagyň has gaýragoýulmasyz zerurlyklar bolup durýandygyny nygtap, Oral şeýle diýip, ýatlap geçdi: “Biz ýapynjalara bolan islegleri kanagatlandrmak üçin ýorgan ýygnamak möwsümine başladyk. Biz eýýäm ýurdumyza türkmen doganlarymyzdan üç müň ýorgan ugratdyk, düýn agşam bolsa ýene-de müň ýorgan ugradyldy. Häzirki wagtda şu ýerde, Türkiýäniň wiza merkezinde biz hemişe kömek we goldaw alýarys. Ilçihananyň indiki bildirişine çenli raýatlar gelip, zerur kömeklerini hödürläp bilerler”.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026