USAID Türkmenistanda gyzlar üçin IT ulgamynda ilkinji maksatnama badalga berdi


USAID guramasynyň Türkmenistanda telekeçiligi we işewürlik-gurşawy ösdürmek boýunça taslamasy ýurtdaky ilkinji DigiWomen Camp maksatnamasyna badalga berdi, ol aragatnaşyk-maglumatlar tehnologiýasy babatda gyzlaryň we zenanlaryň iş üpjünçiligi üçin täze mümkinçilikleri döretmäge niýetlenendir.
Maksatnama Türkmenabatda, Maryda, Daşoguzda, Aşgabatda we Ahal welaýatynda ýaşaýan 16 ýaşdan uly bolan gyzlara we aýallara programmirlemegiň başarnyklaryny ele almak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar. Olar web-programmirlemäni, mobil goşundylary işläp düzmegi, backend-işläp düzmäni (Python) özleşdirip bilerler we önümleriň dizaýnyny döretmegi öwrenip bilerler.
Okuwlar maksatnamanyň gatnaşyjylaryna işe başlamak we ony ösdürmek üçin başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem hususy sanly önüme başlamak bilen, olaryň şahsy IT-telekeçilige başlamak üçin mümkinçilik dörär.
DigiWomen Camp maksatnamasy 4 aý dowam eder we 5 tapgyrdan ybarat bolar:
1.IT-Akademiýa;
2.HP LIFE -dan IT we işewürlik başarnyklary boýunça okuwlar;
3.IT-frilanserler üçin mekdep;
4.Tehnologiki start-ap taslamalar üçin hakaton;
5.Jemleýji Pitç-gün.
Iň gowy taslamalar FoundHer Central Asian Women Startups Network akselerasion maksatnamasyna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar, oňa Plug and Play kompaniýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň maýynda badalga berler.
Maksatnama USAID-iň Türkmenistanda telekeçiligi we işewürlik-gurşawyny ösdürmek baradaky Taslamasy tarapyndan ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy, HP Gazagystan kompaniýasy we Türkmenistandaky Sanly bilim atly bilim merkezi bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.
Ýüz tutmalary tabşyrmagyň söňky möhleti: 2023-nji ýylyň 18-nji fewraly, sagat 23:59 çenli. Okuw orunlarynyň çäklidigi sebäpli gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp alnar.
Şu salgylanma boýunça hasaba alnyp bolýar.
ORIENT habarlar








