Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde özara hereketiň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky maslahatlaşmalara gatnaşdy


Türkmenistanyň wekilleri 2023-nji ýylda GDA-nyň çäklerinde özara hereket etmek meseleleri boýunça Arkalaşygyň Minskidäki ştab-kwartirasynda geçirilen daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky maslahatlaşmalara gatnaşdylar. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Öz ýurtlarynyň GDA formatynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilmegini tassyklamak bilen, maslahatlaşmalara gatnaşyjylar daşary syýasat, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklarda, howpsuzlyk we täze howplara garşy göreşmek babatynda hyzmatdaşlygyň giňelýändigini bellediler.
Wekiliýetiň agzalary hyzmatlaryň erkin söwdasy baradaky Ylalaşygyň tiz gol çekilmegi boýunça pikir alyşdylar we ykdysady taýdan özara herekete goşulyşmagyň mundan beýläk çuňlaşdyrylmagynyň we döwletleriň durnukly ösmeginiň esasy faktorydygyny nygtadylar.
Şeýle hem GDA-nyň EAES, ODKB, ŞHG-y ýaly beýleki halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümligi hem bellenilip geçildi.
Gatnaşyjylar 2022-nji ýylda köp derejeli daşary işler ministrlikleriň arasyndaky Meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň netijelerini we Arkalaşyga gatnaşýan ýurtlaryň daşary ykdysady edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hereketleriniň Maksatnamasyny gözden geçirdiler.
ORIENT habarlar








