HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FAO Türkmenistanda milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär

Fewral 09, 2023 | 13:23 |7937
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça iki sany nahalhana we görkeziliş meýdançasyny döretdi – diýip, guramanyň metbugat üçin maglumatynda habar berilýär.BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça iki sany nahalhana we görkeziliş meýdançasyny döretdi – diýip, guramanyň metbugat üçin maglumatynda habar berilýär.
Çeşme: FAO

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça iki sany nahalhana we görkeziliş meýdançasyny döretdi – diýip, guramanyň metbugat üçin maglumatynda habar berilýär.

Her biriniň meýdany 1 ga deň bolan nahalhanalar Bäherden we Daşoguz tokaý hojalyklarynyň önümçilik meýdançalarynda döredildi, meýdany 3 ga deň bolan görkeziliş meýdançasy bolsa – S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw hojalygynyň esasynda döredildi.

Nahalhanalarda oturdylýan materialyň dürli görnüşleri: miweli, ýaprakly baglaryň, pürli agaçlaryň nahallary we tohumdan gögerenleri, çöl ösümlikleriniň, gyrymsy agaçlaryň we ýarym gyrymsy agaçlaryň nahallary ösdürilip ýetişdiriler, görkeziliş meýdançasy bolsa şor ýerlere we gurakçylyga çydamly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny ulanyp, ikilenç şorlaşmanyň derejesini peseltmek üçin dürli agromelioratiw çäreler üçin niýetlenendir.

Suw serişdelerini tygşytly dolandyrmak üçin nahalhanalarda we görkeziliş meýdançasynda suw üçin uly sygymlyklary bolan damja usulynda suwaryş ulgamy oturdylandyr.

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bagçylyk hojalygynyň çäklerini giňeltmek üçin miweli-iýmişli ösümlikleriň 25 müň nahalyny satyn aldy. Hususan-da, şor ýerlere we gurakçylyga çydamly miweli ekinleriň (beýi, igde, unabi), şeýle hem şorlaşmanyň derejesini peseltmäge we ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän beýleki ösümlikleri (saflora, kinoa, ýorunja, arpa we ş.m.) ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.

TOHU-niň görkeziliş meýdançasynda agronomiki gözegçilik meselelerini çözmek we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin topragyň ekspress-seljermesini geçirmek üçin häzirki zaman meýdan enjamyny ulanyp, ylmy işleri gurnamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde tejribe meýdan okuw sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu başlangyç FAO-nyň we Bütindünýä ekologiki gaznasynyň «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurakçylyga we şorlaşmaga duýgur oba hojalyk önümçilik landşaftlarynda tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak» taslamasynyň (ИСЦАУЗР-2) çäklerinde amala aşyryldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026