HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ärdogan weýrançylykly ýer titremeden ejir çeken welaýatlardaky ýagdaý bilen tanyş boldy

Fewral 09, 2023 | 13:10 |7216
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan weýrançylykly ýer titremesiniň netijesinde ejir çeken welaýatlardaky ýagdaý bilen tanyş boldy – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan weýrançylykly ýer titremesiniň netijesinde ejir çeken welaýatlardaky ýagdaý bilen tanyş boldy – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Çeşme: aa.com.tr

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan weýrançylykly ýer titremesiniň netijesinde ejir çeken welaýatlardaky ýagdaý bilen tanyş boldy – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Ilki bilen türk lideri 6-njy fewralda Türkiýäni sarsdyran ýer titremäniň merkezi bolam Kahramanmaraşa geldi. Ol Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we netijelerini ýok etmek müdirligi tarapyndan (AFAD) öýsüz galan raýatlar üçin çadyr lageri gurlan ýerli Onikişubat stadionyna baryp gördi. Pazarjyk şäherinde Ärdogan ýykylan jaýlaryň üýşmegini aýyrmak işleriniň gidişi bilen tanyşdy we Atatürk adyndaky seýilbagda oturdylan çadyr şäherjigine baryp gördi.

Magnitudasy 7,7 we 7,6 bolan ýer titremesinde ejir çeken şäherleriň biri hem Hataýdyr, prezident ol ýere hem bardy.

«Bu gün biziň üçin synag günüdir, biziň halkymyz muny başarar diýip umyt edýärin» - diýip, Rejep Täýyp Ärdogan belledi we Türkiýäniň halkyny betbagtçylygyň öňünde agzybirlige we raýdaşlyga çagyrdy.

Prezident ýurduň hökümeti tarapyndan bir ýylyň dowamynda ýer titremeden ejir çeken 10 welaýatyň ýaşaýjylaryna täze öýleri berjekdigini beýan etdi, her bir maşgala bolsa döwletden 10 müň lira kömek puly berler. Alymlaryň pikirine görä, Türkiýedäki uly ýer titremeleriniň döwürleýinligi adaty däldi.

Saud Arabystanyndaky patyşa Abdalla adyndaky Ylmy-tehnologiki uniwersitetiň professory Pol Martin Maý magnitudasy 7,6 deň bolan ikinji güýçli ýer titreme birinjiden birnäçe sagat soňra bolup geçdi diýip hasaplaýar. Bu seýsmiki hadysalaryň bütindünýä möçberinde alanyňda «asla adaty däldir». Şuňa meňzeş hadysalara «goşa ýer titreme hem diýilýär» - diýip, ol aýtdy.

«Ikinji ýer titremesiniň merkezi (episentri) birinjiden 100 km uzaklykda ýerleşýärdi. Diýmek ikinji ýer titreme birinjiniň yrgyldysy däldi. Olaryň hersiniň yzyndan kiçi yrgyldamalar boldy» - diýip, ol bu bolup geçen hadysa düşündiriş berdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026
BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

19:00 Iýul 29, 2026