Türkmenistanyň Energetika ministrligi sergä gatnaşmaga çagyrýar


Türkmenistanyň Energetika ministrligi hususy işewürligiň we edaralaryň wekillerini Aşgabatda 6-7-nji awgustda boljak «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2023» (Türkmen Energetika-2023) atly halkara sergisine we «Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň we energetika pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Çäräniň gurnaýjylary bolup Türkmenistanyň Energetika ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýärler – diýip, Energetika ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Görkeziliş bu çärä gatnaşyjylary pudagyň soňky gazananlary we işläp düzmeleri, energetika we gurluşyk pudagyndaky öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdyrar. Öz gezeginde, maslahat Türkmenistanyň energetika pudagynyň maýa goýum kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Çäreler barada jikme-jik maglumatlar bilen TSSE saýtynda ýa-da şu elektron salgy exhibition@cci.gov.tm boýunça girip, tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +90 212 272 61 20
Whatsapp: +90 538 972 61 20
ORIENT habarlar








