Gyrgyzystanda sambo boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň dünýä çempionaty geçiriler


13-15-nji oktýabrda geçiriljek ýetginjekler we ýaşlar dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheri saýlandy. Degişli karar Halkara sambo federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary tarapyndan kabul edildi - diýlip, guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Sport sambosy boýunça ýaryşlara ýetginjekler we ýaşlar gatnaşarlar. Mundan başga-da, ýetginjekler söweş sambosy boýunça hem medallar üçin bäsleşerler.
Şeýle-de, awgust aýynda Gyrgyzystanda Sambo boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşlar hem geçiriler.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Gyrgyzystanda geçirilen sambo boýunça soňky dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular.
Artur PETROSYANS








