HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan Türkmenistan bilen sebitleýin gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýar

Fewral 09, 2023 | 15:46 |4834
Pakistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň baştutany Radja Perwez Aşraf türkmen ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşykda howa, gury ýer we suw arkaly sebitleýin gatnaşyklary giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi – diýip, Daily Times habar berýär.Pakistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň baştutany Radja Perwez Aşraf türkmen ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşykda howa, gury ýer we suw arkaly sebitleýin gatnaşyklary giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi – diýip, Daily Times habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

Pakistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň baştutany Radja Perwez Aşraf türkmen ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşykda howa, gury ýer we suw arkaly sebitleýin gatnaşyklary giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi – diýip, Daily Times habar berýär.

Radja Perwez Aşraf Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň öndürijilikli häsiýetini belläp geçdi. Ol Pakistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna görä, hyzmatdaşlygyň bäş sany esasy ugurlaryny – syýasy, söwda we maýa goýum, energetika we aragatnaşyk, howpsuzlyk we hünärmenleri alyş-çalyş etmek ýaly ugurlaryny ýatladyp, netijelere gönükdirilen özara täsiriň syýasatyna daýanýandygyny nygtady.

Şeýle hem aşaky palatanyň baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýtmak bilen, Türkmenistana Pakistanyň Gwadar, Bin-Kasim we Karaçi portlaryny Ýakyn Gündogar we Afrika bilen söwda etmekde ulanmaklygy teklip etdi.

Türkmenistanyň Pakistandaky diplomatik wekilhanasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna taýýardygyny bildirdi, şeýle hem 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistanyň günorta welaýatlaryny sil alanda berlen ynsanperwer kömegi üçin ýene-de bir gezek dostlukly ýurtdan minnetdarlyk sözlerini kabul etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

23:06 Awgust 28, 2026
Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty

Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty

22:53 Awgust 28, 2026
Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

18:00 Awgust 28, 2026