Türkmen fotosuratçysy «Natýurmort» ugry boýunça dünýäniň iň gowy – 150 gowy suratçylarynyň hataryna girdi


Türkmen fotosuratçysy Ahmet Hallyýewiň işleri 7-nji Halkara fotopremiýasy 35AWARDS jemleri boýunça gowularyň biri diýlip ykrar edildi, oňa dünýäniň 174 ýurdundan 125 müň adam gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekili «Natýurmort» ugry boýunça top-150 suratçylaryň hataryna girdi, onda 4 müňden gowrak awtoryň 12 müň işine baha berdiler. Ses bermeleriň netijeleri boýunça Ahmet Hallyýewiň ugradan ýedi suratynyň biri 3-nji aýgytlaýjy tapgyra ýetdi, ol hem awtoryň iň gowularyň hataryna düşmegini üpjün etdi.
Ahmet Hallyýewiň ORIENT-e gürrüň bermegine görä, diňe üçünji synanyşykdan soňra oňa emin agzalarynyň ýüregini eretmek başartdy, ýöne surat sungatyna adaty sarpa goýýanlar barada muny aýdyp bolanok: abraýly baýragyň saýtyna girip görýänler türkmen suratçysynyň işini gowy görüp, ony şolbada saýladylar.
Jemi bäsleşige 470 müň surat iberilipdir.
Ahmet Hallyýew fotografiýa sungatynyň bürünç medalynyň eýesidir we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasydyr. 2021-nji ýylda onuň «Nury Daýy» atly işi 35AWARDS-ň iň gowy studiýa portreti tematiki bäsleşiginiň iň gowy suratlarynyň 4%-niň hataryna goşuldy, şonda awtoryň özi 18,5 müň dalaşgäriň arasyndan iň gowy suratçylaryň top - 17% içine girdi.
Arslan MÄMMEDOW








