HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Indiki TEKNOFEST tehnologik festiwaly Izmirde, Stambulda we Ankarada geçiriler

Fewral 08, 2023 | 10:50 |7179
Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygynda awiasiýa, kosmosa we ösen tehnologiýa bagyşlanyp, däp bolup gelýän TEKNOFEST festiwaly Izmir, Stambul we Ankara kabul eder – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygynda awiasiýa, kosmosa we ösen tehnologiýa bagyşlanyp, däp bolup gelýän TEKNOFEST festiwaly Izmir, Stambul we Ankara kabul eder – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Çeşme: benguturk.com

Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygynda awiasiýa, kosmosa we ösen tehnologiýa bagyşlanyp, däp bolup gelýän TEKNOFEST festiwaly Izmir, Stambul we Ankara kabul eder – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Izmirde çäre 16-njy martdan 19-njy mart aralygynda, Stambulda – 27-nji aprelden 1-nji maýa çenli we 30-njy awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda bolsa Ankarada geçiriler.

Bu ýyl festiwalyň çäklerinde 41 esasy bäsleşik 102 sany kiçi bölümlerde geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň arasynda “Uçýan awtoulaglaryň taslamasyny taýýarlamak”, “Bilim tehnologiýalary”, “Robotaksi”, “Oba hojalyk tehnologiýalary” we “Robot tehnikasy” bar.

Geçen ýyldan tapawutlylykda, ilkinji gezek psihologiýa boýunça tehnologik goşundylaryň ugry boýunça bäsleşik geçiriler.

TEKNOFEST festiwalynyň bäsleşiginde goýlan baýrak gaznasy 13 mln türk lirasyndan gowrak bolar.

TEKNOFEST – bu tehnologiýalar babatyndaky Türkiýäniň taryhyndaky iň uly baýrakly gazna bolan iri bäsleşikdir. Olar ähli tehniki ugurlarda geçirilýär: raketadan başlap awtonom ulgamlara çenli, oba hojalygyndan ýerasty gämi gurluşygyna çenli, pilotsyz uçýan enjamlardan başlap emeli intellekte çenlidir.

Ol tehnologiki toparyň Türk gaznasynyň (T3 Foundation) we Türkiýe Respublikasynyň Senagat we tehnologiýalar ministrliginiň ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik we media guramalary we uniwersitetler bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026