HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fewralda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdada 38 sany desga satuwa çykarylar

Fewral 06, 2023 | 10:42 |7036
22-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, oňa 38 sany lot çykarylar. Bu baradaky bildiriş penşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.22-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, oňa 38 sany lot çykarylar. Bu baradaky bildiriş penşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Çeşme: gum-red-line.ru

22-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, oňa 38 sany lot çykarylar. Bu baradaky bildiriş penşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

Bäsleşikli söwdada maýa goýup biljek adamlar ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Suw hojalygy döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtoulag ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly»döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, şeýle hem Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň we Aşgabat şäheriniň desgalaryny satyn alyp bilerler.

Bäsleşikli söwdada «Lebapdaşarysöwda» hojalykhasaplaşygyndaky daşary ykdysady birleşigiň «Döwrebap» söwda-dynç alyş merkezi iň gymmat lot bolar. Onuň başlangyç bahasy 51,9 mln. manatdyr.

Iň pes başlangyç baha Lebap etrabynyň alyjylar birleşmesiniň “Hojambaz” alyjylar jemgyýetiniň limon ösdürip ýetişdirmek ýyladyşhanasy üçin bolar, onuň salgysy: Lebap welaýaty, Hojambaz etraby, Kerkiçi-Farap şaýoly. Ol mümkin bolan maýa goýumça 71,6 müň manada düşer.

Auksiona çykaryljak lotlaryň doly sanawy bilen PDF formatyndasalgy boýunça tanşyp bolýar.

Bäsleşikli söwda kesgitlenen formatda ýüz tutan, bellenen möhlete çenli ujundan pul geçiren we ýörite ýygym tölän Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlary, şeýle hem döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslar gatnaşyp bilýärler. Ýüz tutmalary Maliýe ministrligi kabul edýär.

Lotlar baradaky goşmaça maglumaty Maliýe ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde ýa-da şu telefonlar arkaly alyp bolýar:

Aşgabat şäherinde: (+993 12) 92-26-11/39-46-69/63/69
Änew ş.: (+993 137) 33-0-21/33-1-80
Balkanabat ş.: (+993 222) 7-89-34/7-89-17/7-89-53
Daşoguz ş.: (+993 322) 9-10-19/9-15-10
Türkmenabat ş.: (+993 422) 6-11-52/6-11-59
Mary ş.: (+993 522) 6-06-87/6-05-41

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026