Bakuwyň nyşanlarynyň biri raýdaşlyk alamaty hökmünde türk baýdagynyň reňkine boýaldy


Azerbaýjanyň paýtagtynyň binagärlik nyşanlarynyň biri – Geýdar Aliýew Merkezi – 7-nji fewral güni agşam weýrançylykly ýer titremesinden soňra Türkiýe we türk halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde türk baýdagynyň reňkine öwrüldi. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.
Türk baýdagy ýerli wagt bilen 22:00-da birnäçe günüň dowamynda binanyň ýüz tarapyna şöhlelendirilip düşüriler.
Soňky maglumatlara görä, Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky weýrançylykly ýer titremesiniň pidalarynyň sany 5,9 müňe ýetdi, ýurduň 34 810 ýaşaýjysy ýaralandy.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň hatyrasyna Türkiýede ýedi günlük matam yglan etdi. Döwlet baýdaklary ýurduň ähli çäginde, şol sanda daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynda aşak düşürildi.
Şunuň bilen baglanyşykly okaň:
Türkmenistan ýer titremesinden ejir çeken Türkiýe ynsanperwerlik kömegini ugratdy
Türkiýede we Siriýada weýrançylykly ýer titremesinden soňra halas ediş işleri dowam edýär
ORIENT habarlar








