HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sankt-Peterburg halkara zähmet forumyna çagyrýar

Fewral 07, 2023 | 11:06 |8900
Bütin dünýäden, şol sanda GDA-dan bolan işgärleri dolandyrmak boýunça hünärmenler, zähmetigoramak we onuň howpsuzlygy boýunça hünärmenler 15-17-nji martda bolup geçjek VII Sankt-Peterburg halkara zähmet forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.Bütin dünýäden, şol sanda GDA-dan bolan işgärleri dolandyrmak boýunça hünärmenler, zähmetigoramak we onuň howpsuzlygy boýunça hünärmenler 15-17-nji martda bolup geçjek VII Sankt-Peterburg halkara zähmet forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.
Çeşme: facebook.com / forumtruda

Bütin dünýäden, şol sanda GDA-dan bolan işgärleri dolandyrmak boýunça hünärmenler, zähmetigoramak we onuň howpsuzlygy boýunça hünärmenler 15-17-nji martda bolup geçjek VII Sankt-Peterburg halkara zähmet forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Forum Ýewraziýa giňişligindäki zähmet gatnaşyklarboýunça gepleşikleri geçirmek üçin iň iri meýdançadyr, dürli derejelerdäki adam maýasynyň giň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän dünýädäki ýeke-täk taslamadyr. Onda zähmet bazarynyň we ykdysadyýetiniň tutuş ugurlaryna seredilýär, işgärler üpjünçiligi ulgamynyň döredilmegine garalýar, bu ugurdaky iň gowy tejribeleri alyşmak bolup geçýär.

Döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri, kärdeşler arkalaşygynyň, halkara guramalaryň wekilleri, alymlar GDA ýurtlarynyň umumy zähmet bazarynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşarlar, zähmet migrasiýasy babatynda döwlet hyzmatlarynyň berilmeginiň ýeňilleşdirilmegini, guramaçylykly zähmet migrasiýasyna gatnaşyjylaryň ýany bilen gitmek üçin sanly maglumatlar ulgamynyň ulanylmagy boýunça gepleşikleri geçirerler.

Forumyň giň maksatnamasy plenar sessiýalary, panel ara alyp maslahatlaşmalary, tegelek stollary, ussatlyk okuwlary we tejribelikleri öz içine alýar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Ýaşlar halkara zähmet forumyny we zähmetiň howpsuzlygy we işgärleriň ösdürilmegi babatynda ýöriteleşdirilen sergini (KDH) “Işgärler. Dolandyryş. Howpsuzlyk) geçirmek göz öňünde tutulandyr. Sankt-Peterburgyň Tawriýa köşgünde “Zähmet migrasiýasy babatynda ýylyň iň gowy iş berijisi” atly hünär ykrar edilişiniň baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçer.

Forumyň gurnaýjylary — Russiýanyň Zähmet we durmuş goraglylyk ministrligi, Sankt-Peterburgyň Häkimiýeti, Sankt-Peterburgyň Döwlet uniwersiteti, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan agzaýurtlaryň Parlamentara Assambleýasy.

Maksatnamalaýyn çäre barada saýtda

jikme-jik tanşyp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

23:06 Awgust 28, 2026
Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty

Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty

22:53 Awgust 28, 2026
Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

18:00 Awgust 28, 2026