Muzeýleriň gymmatlygy we muzeý gymmatlyklary – rejeleýjiler halkara gatnaşyklaryny ösdürýärler


Sişenbe güni Türkmenistanyň döwlet muzeýi diplomatlary, ylym we medeniýet işgärlerini, talyplary we žurnalistleri öz meýdançasyna jemledi. Olar “Muzeý gymmatlyklarynyň rejelenilişi: dünýä tejribsei we gazanylanlar” atly brifinge çagyryldylar.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ABŞ-nyň, HHR-niň we Hindistanyň ilçihanalarynyň, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirliginiň wekilleri, Aşgabat şäheriniň muzeýleriniň işgärleri gatnaşdylar. Bu barada ýurduň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Ýygnananlaryň öňünde alymlar we muzeý hünärmenleri çykyş edip, häzirki wagtda ýurtda arheologik tapyndylary we ýadygärlikleri öwrenmek we rejelemek, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça, şeýle hem bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek we tejribe alyşmak boýunça nähili işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler.
Muzeýler aň-düşünje beriş, medeni-durmuş taýdan giňişlik hökmünde wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär, häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de işlemegiň, şol sanda köpçülik bilen işlemegiň usullaryny özleşdirýärler. Elbetde, olaryň iş wezipeleriniň möhüm ugurlarynyň biri daşary ýurtly kärdeşler, şol sanda rejeleýjiler bilen gatnaşyklary saklamakdan we ösdürmekden ybaratdyr.

Ozal, ýanwaryň ahyrlarynda Türkmenistana Amerikanyň Getti muzeýiniň (Los-Anjeles, Kaliforniýa) hünärmenleri geldiler. Sapar gadymy özboluşly gymmatlygy – Gadymy Merwde tapylan we V asyr bilen senelenýän Buddanyň kellesiniň şekilini konserwirlemek we rejelemek boýunça Türkmenistanyň Döwlet muzeýi bilen bilelikdäki işleriň çäklerinde guraldy.
ORIENT news








