HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik.

Fewral 07, 2023 | 22:47 |5985
Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli
salamlaşyp we şanly waka – Türkmenistanyň hem-de Özbegistan
Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli
salamlaşyp we şanly waka – Türkmenistanyň hem-de Özbegistan
Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Çeşme: Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka – Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara we sebitara gatnaşyklarynyň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şol gatnaşyklar bolsa türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Medeni, ylym, bilim ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Munuň özi bolsa iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy, olaryň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryna bolsa, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

14:00 Oktýabr 31, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026