HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini iberdi

Fewral 07, 2023 | 22:57 |10104
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli
ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna
ynsanperwer kömegi ugradyldy. Ynsanperwer ýük derman hem-de saglygy goraýyş
maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle hem Türkiýä
lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan
ýardamy bererler.Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli
ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna
ynsanperwer kömegi ugradyldy. Ynsanperwer ýük derman hem-de saglygy goraýyş
maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle hem Türkiýä
lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan
ýardamy bererler.
Çeşme: Watan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegi ugradyldy. Ynsanperwer ýük derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle hem Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen başy başlanan we häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda ynsanperwer häsiýetli gatnaşyklara aýratyn orun berilýär.

Doganlyk halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek ýaly gadymy asylly däpler, zerur bolanda kömek goluny uzatmak türkmen halkynyň durmuşynda asyrlardan bäri dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçilik köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna gynanç hatyny iberdi. Hatlarda şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan- garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözler, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.

Biziň ýurdumyz halkymyzyň özboluşly milliligine mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, tebigy betbagtçylyk baradaky habara dessine seslenip, taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň köpasyrlyk umumylygy birleşdirýän doganlyk halk üçin ynsanperwer kömegini ugratdy. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldaw hem-de şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026