HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Fewral 07, 2023 | 22:40 |5635
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki wagtda ýurdumyzda, hususan-da, Mary welaýatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň çäginden geçýän derýalarda kadaly suw akymyny üpjün etmek hem-de olaryň kenarlaryny berkitmek, suw akabalaryny we ýaplary arassalamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Mary welaýatynda senagat desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de elektrik energiýasynyň üpjünçiligi we ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady we bu babatda komitetiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki talaplary berjaý etmek arkaly geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri sürmek, tekizlemek işleri depginli dowam edýär. Ýazky ekiş möwsümine çenli oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň çäginden geçýän derýalaryň kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan gidrotehniki çäreler barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026