HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Fewral 07, 2023 | 21:58 |5308
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Çeşme: Watan

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti,

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňize özbek we türkmen halklarynyň taryhyndaky möhüm we şanly sene – ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistan biziň köp asyrlyk ýakyn dostumyz we goňşymyz, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr. Türkmenistan bilen bizi medeni däplerimiziň umumylygy, dilimiziň we däp-dessurlarymyzyň ýakynlygy baglanyşdyrýar.

Iki ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoluna ser salsak, onda 30 ýylyň içinde bize ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk syýasy- diplomatik we hukuk binýadyny döretmek başardandygyny aýratyn bellemek gerek.

Özara hormat goýmaga we goldaw bermäge esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary biziň umumy syýasy erkimiz netijesinde soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Ýokary derejedäki syýasy dialog, şeýle hem parlamentara we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirilýär.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem suw hojalygy meseleleri boýunça hökümetara toparlaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirýäris.

Siziň bilen 2022-nji ýylda Daşkentde, Samarkantda we Aşgabatda bolan dostlukly hem-de netijeli duşuşyklarymyzyň dowamynda biz köptaraplaýyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigimizi ýene-de bir gezek tassykladyk.

Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy halklarymyzyň bähbidine ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin hem-de özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga we önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, şeýle hem senagat taýdan kooperirleşmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan nusgalyk strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň biziň doganlyk ýurtlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026