HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gutlag hatlar

Fewral 04, 2023 | 21:58 |7996
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  
Türkmen halkynyň Milli Lideri 
jenap Gurbanguly BerdimuhamedowaOnuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  
Türkmen halkynyň Milli Lideri 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çeşme: Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gutlag hatlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy –Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde Türkmenistanyň durnukly ösüşine hem-de rowaçlygyna geljekde hem uly goşant goşjakdygyňyza ynanýaryn.

Siziň bilen geçiren duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn, olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi.

Bilelikdäki tagallalar netijesinde ermeni-türkmen syýasy gatnaşyklary, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza hem-de biziň halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň taryhy sahypalaryny täze üstünlikler bilen baýlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Nikol Paşinýan, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we kärdeşlerimizi halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn.

Biziň hyzmatdaşlygymyzyň parlamentara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we dostlukly halklarymyzyň bähbidine ermeni-türkmen dostlugyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de ýardam berjekdigini berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, jenap Başlyk, Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Alen Simonýan Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Başlygy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

14:00 Oktýabr 31, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026