HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"ÝB - Merkezi Aziýa" ykdysady forumy Almatyda geçiriler

Fewral 02, 2023 | 21:47 |13968
“Şu ýyl “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” ykdysady forumy Almaty şäherinde geçiriler” – diýlip, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrelliň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.“Şu ýyl “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” ykdysady forumy Almaty şäherinde geçiriler” – diýlip, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrelliň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.
Çeşme: gov.kg

“Şu ýyl “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” ykdysady forumy Almaty şäherinde geçiriler” – diýlip, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrelliň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

Gazagystan bilen ÝB arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli eden çykyşynda taraplar “ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň berk we geljegi uly binýadyny döretmek, şeýle hem Merkezi Aziýada gülläp ösmegiň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň açary bolan sebitleýin gepleşikleri berkitmek” isleglerini tassykladylar.

Beýanatda: "Indiki ädim hökmünde biz sabyrsyzlyk bilen 2023-nji ýylda Gazagystanyň Almaty şäherinde “ÝB-Merkezi Aziýa” ykdysady forumynynyň geçirilmegine garaşýarys" – diýilýär.

Soňky üç onýyllygyň dowamynda taraplaryň birek-birege hormat we ynam esasynda berk hyzmatdaşlygy gurmagy başarandygy nygtalýar.

Diplomatlar "Häzirki geosyýasy nukdaýnazardan BMG-nyň tertipnamasyna, halkara hukugyna, özygtyýarlylyk we territorial bitewilik ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklaýarys. Parahatçylygy we durnuklylygy goramagyň, şeýle hem jedelleri diplomatiýa arkaly çözmegiň möhümdigini nygtaýarys" - diýip, belleýärler.

Tleuberdi we Borrell Gazagystan bilen ÝB-niň arasyndaky "has ýakyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine ynam bilen garaýandyklaryny" aýtdylar. "Biz bu gatnaşyklary Ýewropa Bileleşiginiň we Gazagystanyň halklarynyň bähbidi üçin, şeýle hem sebitdäki durnuklylyk we gülläp ösüş üçin öňe sürmäge taýýar" – diýip, olar sözüni jemleýärler.

“ÝB-Merkezi Aziýa” ykdysady forumy ýüzbe-ýüz ýagdaýda ilkinji gezek 2021-nji ýylda Bişkekde geçirildi we ol 2019-njy ýylda kabul edilen ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda ýakyn ýyllarda geçiriljek çäreleriň başyny başlady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026