HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Sloweniýa ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlary guramagy maslahatlaşdylar

Fewral 02, 2023 | 18:20 |9506
Ýokary derejede ikitaraplaýyn saparlary guramagyň meseleleri Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň (rezidensiýasy Moskwada) Sloweniýanyň DIM-niň wekilleri bilen Lýublýanada geçen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň RF-daky ilçihanasynyň saýty habar berýär.Ýokary derejede ikitaraplaýyn saparlary guramagyň meseleleri Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň (rezidensiýasy Moskwada) Sloweniýanyň DIM-niň wekilleri bilen Lýublýanada geçen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň RF-daky ilçihanasynyň saýty habar berýär.
Çeşme: russia.tmembassy.gov.tm

Ýokary derejede ikitaraplaýyn saparlary guramagyň meseleleri Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň (rezidensiýasy Moskwada) Sloweniýanyň DIM-niň wekilleri bilen Lýublýanada geçen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň RF-daky ilçihanasynyň saýty habar berýär.

Sloweniýa bolan saparynyň dowamynda ilçi DIM-niň baştutany Tanýa Faýon bilen protokol duşuşygyny geçirdi, şeýle hem Gündogar Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa bölümleriniň ýolbaşçylary we ministrligiň ykdysady hyzmatdaşlyk departamenti bilen gepleşikler geçirdi.

Türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirip, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy maslahatlaşmalary geçirmekligiň, şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Diplomatlar şeýle hem 2023-nji ýylyň martynda Lýublýanada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-slowen komissiýasynyň nobatdaky ýygnagyny we onuň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Sloweniýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmeklige taýýarlygyň meselelerine garap geçdiler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026