HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi alpinizm boýunça halkara bilermeni gözleýär

Fewral 02, 2023 | 18:03 |4028
Alpinizm boýunça tälimçileriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryň çäklerinde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi alpinizm boýunça halkara bilermeni işe alar.Alpinizm boýunça tälimçileriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryň çäklerinde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi alpinizm boýunça halkara bilermeni işe alar.
Çeşme: verhniyuslon.bezformata.com

Alpinizm boýunça tälimçileriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryň çäklerinde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi alpinizm boýunça halkara bilermeni işe alar.

Halkara bilermen Merkeze Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň okuw merkezinde 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 28-nji martyna çenli dört hepdelik türgenleşik-okuwyny geçirmekde ýardam etmelidir.

Taslamanyň menejeriniň gözegçiliginde, ol tälimçileri taýýarlamagyň jikme-jik maksatnamasyny işläp düzmeli, gatnaşyjylaryň meýdan şertlerinde howpsuzlyk tehnikasy boýunça paýlanyljak materiallary işläp düzmeli. Meýdan okuwlary, aýratyn hem, daglyk ýerlerdäki taýýarlyklar okaýanlaryň howpsuzlygy babatdaky töwekgelçilikler bilen baglanyşyklydyr.

Dalaşgär gatnaşyjylaryň bilim derejesini bahalandyrmak üçin test ýumuşyny düzmelidir, daglyk ýerlerde nobatçylyk gullugyny ýerine ýetirmek boýunça okuw prezentasiýalary bilen çykyş etmelidir, şeýle hem daglyk ýerlerde degişli esbaplary ulanyp, tejribe sapagyny geçirmelidir.

Ol serhet goşunlarynyň hünär gullukçysy bolmaly ýa-da beýleki hukuk goraýjy edaralaryň işgäri bolmaly, daglyk ýerde nobatçylygy amala aşyrmak, taktiki-tehniki soraglar boýunça taýýarlyk geçirmek boýunça azyndan 6 ýyl iş tejribesi bolmalydyr.

Onuň şeýle hem alpinist tälimçileriniň hünär birleşigi tarapyndan ýa-da şuňa meňzeş başga bir halkara guramasy tarapyndan berlen şahadatnamasy bolmalydyr.

Alpinizm boýunça halkara bilermen gepleşik we ýazmaça iňlis dilini we/ýa-da rus dilini bilmelidir, türkmen ýa-da beýleki sebitleýin dilleri bilmegi artykmaçlyk hökmünde hasap ediler, dalaşgär gowy beden formasynda bolmalydyr.

Ýüz tutmalar 22-nji fewrala çenli kabul edilýär. Şu salgylanma boýunça boş iş orny baradaky jikme-jik maglumatlar bilen tanşyp we ýüz tutmany tabşyryp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026