HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kerki şäherine täze dermanhanasy açyldy

Fewral 01, 2023 | 21:57 |13349
Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasynyň dermanhana şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy.Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasynyň dermanhana şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy.
Çeşme: Watan

Kerki şäherine täze dermanhanasy açyldy

Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasynyň dermanhana şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabarada medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirilip, ajaýyp wakanyň toý öwüşginini artdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly tagallalary bilen işlenilip taýýarlanylan we häzirki wagt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylmagy dowam edýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge gönükdirlen degişli binalaryň gurulmagy dowam edýär. Şeýle düzümlerde täzeçil tehnologiýalar, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary adamlaryň saglygynyň goraglylygyna gönükdirilýär.

Şeýlelikde bolsa, Kerki şäherinde täze açylan dermanhana bu ugra degişli düzümleriň üstüni ýetirdi. Şäheriň A.Nyýazow köçesiniň ugrunda gurlan dermanhananyň umumy eýeleýän meýdany 500 inedördül metr bolup, ol ilata derman serişdeleri bilen baglanyşykly hyzmatlary ýola goýýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär.

Bir gatly dermanhanada derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlary önümleriniň we ammar bölümleri ýerleşdirildi.

Dermanhananyň tehniki taýdan hem-de derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçiligi babatda hemme zerurlyklar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde dermahnana bölümleri we töleg nokatlary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr we sanly ulgama birikdirilendir. Şeýle hem täze dermanhana Türkmenistanda öndürilen dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhemler, derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Önümleriň ýokary hilli we elýeter bahadan bolmagy bolsa döwlet tarapyndan bildirilýän möhüm talaplaryň biridir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026