HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşma boýunça MA-da mugallymlar üçin ilkinji gollanma döredildi

Ýanwar 31, 2023 | 10:49 |8767
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýurduň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty bilen bilelikde orta mekdepleriň mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşma boýunça gollanmany döretdiler. Bu barada guramanyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýurduň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty bilen bilelikde orta mekdepleriň mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşma boýunça gollanmany döretdiler. Bu barada guramanyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.
Çeşme: ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýurduň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty bilen bilelikde orta mekdepleriň mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşma boýunça gollanmany döretdiler. Bu barada guramanyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.

Bu Merkezi Aziýadaky şunuň ýaly neşirleriň ilkinjisidir, ol okuw prosesiniň kämilleşdirilmegine ýardam eder, okuwçylaryň howanyň üýtgemegine, daşky gurşawy goramak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini kemeltmäge degişli meseleler boýunça bilimlerini we başarnyklaryny giňelder. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşma temasy başlangyç we orta bilimiň tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa, adamyň durmuş işjeňliginiň we oba hojalygynyň esaslary ýaly dersleriň maksatnamasyna goşular.

«Bu howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ekologiki we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini kemeltmek, habardarlygyň ýokarlanmagyna we Türkmenistandaky mekdep okuwçylarynyň özüni alyp barşyny üýtgetmäge ýardam etmek boýunça umumymilli tagallalary goldamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir» – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi tanyşdyrylyş dabarasynda belledi. Ol şeýle hem gollanmanyň 2030-njy ýylyň Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmegiň çäklerinde bilim ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmäge niýetlenendir – diýip, nygtady.

Bilim ulgamynyň wekilleri howanyň üýtgemegine uýgunlaşma boýunça bäş sany täze gollanmanyň 8 müň sanydan gowragyny aldylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026