HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNISEF maslahatçyny işe kabul edýär

Ýanwar 30, 2023 | 12:49 |3815
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy kanun bilen meselesi bolan çagalar bilen diwersion çäreleri modelirlemek boýunça milli maslahatçyny gözleýär.ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy kanun bilen meselesi bolan çagalar bilen diwersion çäreleri modelirlemek boýunça milli maslahatçyny gözleýär.
Çeşme: freepng.ru

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy kanun bilen meselesi bolan çagalar bilen diwersion çäreleri modelirlemek boýunça milli maslahatçyny gözleýär.

Borçlary:

  1. Ýuwenal (ýetginjek) hukugy ulgamy babatynda jenaýat we raýat kanunçylygyna mundan beýläkki üýtgetmeleri öňe sürmek we işläp düzmek;

  2. Kanun bilen aragatnaşykda bolan çagalar üçin amatly çäreleriň işlenip düzme;

Hünär talaplary we bahalandyrmagyň ölçegleri:

Kanun bilen meselesi bolan çagalar üçin diwersion çäreleri işläp düzmek boýunça maslahatçynyň hukuk ugrundan ýokary bilimi bolmaly we çaganyň hukuklary babatynda ýa-da çagalar üçin adalat babatynda hökümetde 5 ýyl iş tejribesi bolmaly. Ol çaganyň hukuklaryna degişli halkara gurallary we ölçegleri bilmelidir, şu ugurdan kanunlaryň we kanunçylyk namalaryň işlenip düzülmegi boýunça tejribesi bolmalydyr. Ol şeýle hem seljerme beriji başarnyklaryna eýe bolmalydyr we hasabat ýazmak ukybyna eýe bolmaly, rus we türkmen dillerini ýazmaça we gepleşikde suwara bilmelidir, iňlis dilini bilmegi artykmaçlyk hasap edilýär.

Gyzyklanýan adamlar jobs.unicef.org saýtyna girip 2023-nji ýylyň 9-njy fewralyna çenli ýüz tutup bilerler.

ÝUNISEF adalatlylyk babatyndaky hyzmatdaşlaryny diwersion çäreleriň ulanylyşy bilen tanyşdyrar we Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna 2023-nji ýylda işe giriziljek gaýtadan dikeldiş adalatlylyk çemeleşmesi bolan diwergensiýa Konsepsiýasyny işläp düzmekde goldaw berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026