HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çapar goşundysynyň kömegi bilen durmuşy ýeňilleşdirmegiň 6 usuly

Ýanwar 26, 2023 | 12:38 |16312
Goşundy Çapar «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyndan biziň belli bir wagt aralygyndan meşgullanmagymyz gerek bolýan, gaýtalanyp durýan meseleleri ýerine ýetirmegimizi ýeňilleşdirip bilýär. Aşakda sanalyp geçiljek funksiýalaryň ählisi her hepdede iň azyndan birnäçe sagady tygşytlamaga we wagtyňy has möhüm we gyzykly işlere sarp etmäge kömek eder.Goşundy Çapar «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyndan biziň belli bir wagt aralygyndan meşgullanmagymyz gerek bolýan, gaýtalanyp durýan meseleleri ýerine ýetirmegimizi ýeňilleşdirip bilýär. Aşakda sanalyp geçiljek funksiýalaryň ählisi her hepdede iň azyndan birnäçe sagady tygşytlamaga we wagtyňy has möhüm we gyzykly işlere sarp etmäge kömek eder.
Çeşme: post.tm

Goşundy Çapar «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyndan biziň belli bir wagt aralygyndan meşgullanmagymyz gerek bolýan, gaýtalanyp durýan meseleleri ýerine ýetirmegimizi ýeňilleşdirip bilýär. Aşakda sanalyp geçiljek funksiýalaryň ählisi her hepdede iň azyndan birnäçe sagady tygşytlamaga we wagtyňy has möhüm we gyzykly işlere sarp etmäge kömek eder.

1. Islän ýeriňize we islän ýeriňizden ugratmalary iberiň

Çapar goşundysynyň kömegi bilen ugratmalary Türkmenistanyň islendik ýerine iberip berjek çapary çagyryp bolýar. Haýsy ýagdaýlarda onuň peýdaly bolup biljekdigine seredeliň.

Meselem, garyndaşlaryňyz size gyssagly Aşgabatdan olaryň welaýatdaky obasyna haýsydyr bir zady getirmegiňizi haýyş edýärler, ýöne siziň bu işi etmek üçin işiňizden çykmaga wagtyňyz ýok. Çapar goşundysynyň üsti bilen çapary göni iş ýeriňize çagyryp bilersiňiz. Ol ugratmaly zady derrew gerekli salga iberer.

Ugratmanyň bahasy goşundyda onuň agramy we ugradylmaly ýeri görkezilende hasaplanylýar. Meselem, agramy 3 kg bolan ugratmanyň Aşgabadyň içinde eltilip berilmegi bary-ýogy 15 manada düşýär. Şunlukda, siz öz wagtyňyzy tygşytlarsyňyz we işde ýa-da öýde meşgullanýan başga has wajyp işleriňizden aýrylmaly bolmarsyňyz.

Goşundynyň kömegi bilen ugratma iberilenden soňra onuň haýsy ýerde ýerleşýändigini yzarlap bolýar. Munuň üçin size ýörite trek-belgi berilýär, ony şeýle hem iberlen zady aljak adam bilen paýlaşyp bolýar.

2. Ýol polisiýasynyň jerimelerini yzarlaň we töläň

Awtoulaglaryň eýeleri Çapar goşundysynda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin ýol polisýasyndan jerimeler baradaky habarnamasyny alyp bilýärler we olary bank kartynyň üsti bilen ýa-da mobil telefonyň balansynyň üsti bilen öýden çykman töläp bilýärler.

Bulardan başga-da, goşundy ýazylan jerimeleriň bardygyny barlamaga kömek edýär. Käwagtlar sürüjä haýsydyr bir ýerde ýol hereketiniň düzgünlerini bozan ýaly görünýär we jerimäniň ýazylandygyny onuň poçtadan gelerine garaşman barlasyň gelýär.

3. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini töläň

Çapar goşundysy arkaly islendik aragatnaşyk hyzmatlaryny – öýjükli we öý telefonyň töleglerini, internet tölegini, IP TW, Älem TW, kabel telewideniýe üçin tölegi we Belet Film töleglerini töläp bolýar.

Esasy zat – size töleg üçin ol ýa-da beýleki resmi kagyzlary doldurmak gerek däl. Bir gezek töleg geçirmek ýeterliklidir, indiki gezek goşundynyň özi awtomatik usulda gerekli bentleri doldurar.

4. Ähli ýaşaýyş-jemagat hyzmaty töleglerini bir goşundyda töläň

Çapar goşundysynda ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini – suwuň, gazyň, elektrik togunyň töleglerini hiç hili edara gitmezden töläp bolýar.

Goşundynyň bu amatlyklary hiç hili nobata durmazdan we şäheriň dürli ýerlerine gitmezden örän köp wagtyňy tygşytlamaga kömek edýär.

5. Uçara we otla biletleri satyn alyň

Çapar goşundysynyň kömegi bilen halkara we içerki uçar gatnawlaryna, şeýle hem içerki demir ýol otlularyna biletleri satyn alyp bolýar. Şeýtseňiz siz gymmatly wagtyňyzy tygşytlarsyňyz we öýden çykman gerekli senä bilet bardygyny ýa-da ýokdugyny barlap bilersiňiz.

6. Öýe we iş ýerine agyz suwuny bir gezek basmak arkaly sargyt ediň

Eger-de siz eýýäm 19 litrlik gaplarda agyz suwuny sargyt edýän bolsaňyz, onda käwagt kompaniýanyň operatoryna jaň edip aldyrmagyň kyn bolýandygyny bilýänsiňiz we şu hili ownuk işlere wagtyňy sarp edesiň hem gelmeýär.

Çapar goşundysy TUT nyşanynyň gaplanan agyz suwuny nokada bir gezek basmak arkaly sargyt etmäge mümkinçilik berýär we size belgini gözläp wagt ýitirmek we operatora jaň etmek gerek bolmaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

20:02 Iýul 15, 2026
ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

18:00 Iýul 15, 2026