Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň netijeleri Aşgabatda jemlener


Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemlemek maksady bilen, Türkmenistanyň paýtagtyndaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde maslahat geçirilýär. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar gender deňligi meselelerini, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň zenanlarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Türkmenistanyň bezeg we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisiniň tanyşdyrylyşyndan we resmi taýdan surata düşüriş dabarasyndan soň türkmen parlamentiniň aşaky palatasynyň Başlygy Gülşat Mämmedowa dialogy açyk diýip, yglan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda degişli resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.
ORIENT news
Surat: Türkmenmetbugat








