HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ykdysady meseleler boýunça kömekçini işe alýar

Ýanwar 24, 2023 | 21:53 |4926
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ykdysady meseleler boýunça kömekçiniň iş ornuny yglan etdi.ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ykdysady meseleler boýunça kömekçiniň iş ornuny yglan etdi.
Çeşme: firelic.ru

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ykdysady meseleler boýunça kömekçiniň iş ornuny yglan etdi.

Ykdysady meseleler boýunça kömekçiniň wezipe borçlaryna Türkmenistandaky ykdysady maglumaty toplamak we seljermek, degişli döwlet edaralary, halkara guramalary we hususy pudagyň wekilleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak girýär.

Ol şeýle hem zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri, şeýle hem telekeçilik we işewürligi ösdürmek boýunça esasy bilermen hökmünde çykyş edýär.

Dalaşgäre bolan talaplar:

Dalaşgäriň ykdysadyýet, işewürlik, menejment, halkara söwdasy ýa-da şuňa meňzeş ugurlardan ýokary bilimi bolmalydyr, şeýle hem ykdysady ýa-da biznes seljermesini, ykdysady hasaplylygy ýerine ýetirýän döwlete degişli ýa-da hususy guramada azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmaly we ş.m. Ol iňlis, rus we türkmen dillerini ýokary derejede bilýändigini görkezmelidir.

Ýüz tutmalar diňe iňlis dilinde 2023-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli işe girmek üçin elektron goşundy ERA-da şu salgylanma boýunça tabşyrylmaly.

Nähili ýüz tutmalydygy barada goşmaça maglumaty almak üçin ilçihananyň saýtyna giriň.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026