HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutulyş dabarasy geçirildi

Ýanwar 21, 2023 | 03:33 |5719
Metjidiň düýbüniň tutulyşyna Türkmenistanyň il sylagly hormatly ýaşulylary bilen birlikde, şu günler Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow, musulman daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän ilçileri, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem medeniýet ulgamynyň wekilleri – döredijilik işgärleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Metjidiň düýbüniň tutulyşyna Türkmenistanyň il sylagly hormatly ýaşulylary bilen birlikde, şu günler Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow, musulman daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän ilçileri, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem medeniýet ulgamynyň wekilleri – döredijilik işgärleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: Watan

Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutulyş dabarasy geçirildi

Metjidiň düýbüniň tutulyşyna Türkmenistanyň il sylagly hormatly ýaşulylary bilen birlikde, şu günler Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow, musulman daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän ilçileri, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem medeniýet ulgamynyň wekilleri – döredijilik işgärleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Müftisi aýat-doga okap, iň päk we ýagşy dilegleri etdi. Bu doga-dileglere Baş metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi goşuldylar.

Soňra hemmeler agzybirlikde “Bissimilla!” diýip, Metjidiň esasy binasynyň galdyryljak ýerine pil bilen beton garyndysyny atdylar.

Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir.

Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň ilkinji üç gatynda dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenilen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Hajy-Arkadagymyz metjidiň ýanynda okuw-medresesiniň guralmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, onuň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe degerli maslahatlaryny berdi. Şondan ugur alnyp, üç gatdan ybarat boljak metjidiň ýanynda 100 adamlyk medresäni gurmak hem maksat edinilýär. Şeýle hem bu ýerde muzeý, kitaphana, namaz okamak üçin zallar hem-de beýleki ugurdaş hojalyk otaglary ýerleşer. Namaz okamaga niýetleniljek zallaryň gurluşygynda dürli görnüşli tebigy serişdeler, şol sanda bezeg üçin mermer we oniksdaşlary ulanylar.

Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň çäklerinde awtoulaglary goýmak üçin ýerler we dürli maksatly beýleki tehniki desgalar hem gurlar. Onuň seýilgäh zolagy hem bolup, ol 10 gektar meýdany eýelär. Suw çüwdirimler toplumy bolsa seýilgähiň esasy bezegine öwrüler.

Soňra hemmeler bu ýerden bu günki uly sogaply wakanyň hormatyna toý sadakasynyň beriljek ýerine – Ahal welaýatynyň Gökdepe Metjidine ugradylar.

Gökdepe Metjidiniň ýanynda ýörite niýetlenilen ýerde uly sadaka berildi. Şeýle hem milli däp-dessurlarymyza daýanýan asylly ýörelgelerimize eýerilip, şu günki ajaýyp wakanyň hormatyna oňa gatnaşyjylara toý düwünçekleri paýlanylyp, toý sadakasynyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026