HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

RF-niň kompaniýalary Türkmenistanyň bazaryny geljegi uly bazarlaryň biri hasaplaýarlar

Ýanwar 19, 2023 | 22:52 |6117
Rus kompaniýalary Türkmenistanyň bazaryny geljegi uly bazarlaryň biri hasaplaýarlar diýip, RF-niň senagat we söwda minsitri Alekseý Gruzdew penşenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynda aýtdy.Rus kompaniýalary Türkmenistanyň bazaryny geljegi uly bazarlaryň biri hasaplaýarlar diýip, RF-niň senagat we söwda minsitri Alekseý Gruzdew penşenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynda aýtdy.
Çeşme: Suleyman Charyev

Rus kompaniýalary Türkmenistanyň bazaryny geljegi uly bazarlaryň biri hasaplaýarlar diýip, RF-niň senagat we söwda minsitri Alekseý Gruzdew penşenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynda aýtdy.

Ol ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň 60%-den gowragynyň iki ýurduň senagat ulgamlarynyň – metallurgiýa, maşyngurluşyk we himiýa senagatynyň önümlerinden ybaratdygyny belledi.

“Rus kompaniýalary Türkmenistanyň bazarynda işlemäge uly gyzyklanmalaryny görkezýärler we ony geljegi örän uly bazarlaryň biri diýip esasly hasaplaýarlar” diýip, RF-niň senagat we söwda ministriniň orunbasary nygtady.

Ol rus kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işlemäge toplumlaýyn çemeleşýändiklerini hem-de tehnikalary we enjamlary ibermekden başga-da, hyzmat ediş, işgärleri taýýarlamak meselelerine we beýlekilere üns berýändiklerini belledi. Gruzdew mysal hökmünde bu ýerde diňe bir ulanylyş ulgamyny däl, eýsem, awtoulaglary bejermek we olara hyzmat etmek boýunça ulgamy-da ösdürýän “Kamazyň” alyp barýan işini mysal getirdi.

1674126638748-2.JPEG

“Biz, gürrüňsiz suratda, has düýpli önümçilik kooperasiýasyna ymtylýarys, türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen başarnyklarymyz we tejribelerimiz bilen paýlaşmaga taýýardyrys. Şunda metallurgiýa, himiýa senagaty hem-de hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan täze ugur bolan raýat gämigurluşygy biziň üns merkezimizdedir” diýip, ministriň orunbasary sözüniň üstüni ýetirdi.

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” (Türkmenistan) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Ak Bars” Birleşen senagat korporasiýasy” (Tatarystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gury ýük daşaýan/konteýner daşaýan gämileri bilelikde gurmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

2009-njy ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda Türkmenistanyň Milli deňiz floty üçin Russiýa Federasiýasynyň gämigurluşyk zawodlarynda jemi nebit guýulýan gämileriň 6-sy hem-de ýokary tizlikli ýolagçy gämileriniň 2-si guruldy we satyn alyndy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026