Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Premýer-ministriniň duşuşyklarynyň jemleri boýunça 10 resminama gol çekildi
Ýanwar 21, 2023 | 15:54 |11619


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň ikiçäk we giňeldilen düzümdäki duşuşyklarynyň netijeleri boýunça 10 resminama gol çekildi – diýip, RF-nyň hökümetiniň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň we Russiýanyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri aşakdakylara gol çekdiler:
- Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
- 2023 — 2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hereket etmek hakynda Teswirnama;
- Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Balyk tutmak boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy bilen Weterinariýa we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ösümlikleriň karantini boýunça maglumat ulgamlarynyň integrasiýasyna geçmek baradaky Teswirnama;
- Suw serişdelerinden peýdalanmak we ekologiýa meselelerinde türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça çäreleriň meýilnamasy (Ýol kartasy);
- «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk.
ORIENT habarlar








