HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID guramasy Türkmenistanda maliýe we dolandyryş boýunça hünärmeni işe alýar

Ýanwar 17, 2023 | 23:07 |4512
USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça taslamasy Türkmenistanda maliýe we dolandyryş boýunça hünärmeniň iş ornuny yglan edýär.USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça taslamasy Türkmenistanda maliýe we dolandyryş boýunça hünärmeniň iş ornuny yglan edýär.
Çeşme: kartinkin.net

USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça taslamasy Türkmenistanda maliýe we dolandyryş boýunça hünärmeniň iş ornuny yglan edýär.

Maliýe we dolandyryş boýunça hünärmen edaranyň işiniň üznüksizligini üpjün etmäge, maslahatlary we okuw saparlaryny gurnamaga jogap berýär, şeýle hem taslamanyň dolandyryş işgärlerine meýilnamalaşdyrmak we hasabatlylyk meselelerinde goldaw berýär.

Borçlary:

-Hasaplaşyk-kassa amallary we serişdeleriň sarp edilişine jogap berýär;
-gelýän serişdeleri, pul awanslaryny, bank balansyny, serişdeleri hasaba almak boýunça aýlyk hasaplary, býujeti öz wagtynda barlaýar, ylalaşýar we bahalandyrýar;
-dürli hasaplaryň tölegini geçirýär, Aşgabatdaky edaranyň çykdajylary baradaky aýlyk hasabaty taýýarlaýar;
-tassyklanan býujetiň esasynda hasabatlylygyň korporatiw maliýe hasap ulgamynda çykdajylaryň hasaba alynmagyna we paýlanmagyna jogap berýär;
-harytlary we hyzmatlary ýerli üpjün edijileriň gözlegini amala aşyrmak we olary saýlap almak işini utgaşdyrmak;

Bilimine we tejribesine bolan talaplar:

Maliýe we dolandyryş boýunça hünärmeniň buhgalterçilik hasabatlylygy we maliýe ugrundan ýokary bilimi bolmalydyr, halkara guramalarda maliýe we dolandyryş wezipelerinde bäş ýyl iş tejribesi bolmalydyr. Onuň şeýle hem gowy aragatnaşyk we guramaçylyk başarnyklary bolmalydyr, türkmen, iňlis we rus dillerini suwara bilmelidir, gowy kompýuter başarnygy bolmalydyr.

Gyzyklanýan adamlar rezýumesini we gyzyklanýandygy baradaky hatyny TCA_Recruitment@dai.com elektron salga “Türkmenistanda maliýe we dolandyryş boýunça hünärmen” belligi bilen ugratmalydyr.

Ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 2023-nji ýylyň 22-nji ýanwary. Ahyrky sanawa goşulan dalaşgärlere habar iberiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026