HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarstanda türkmen talyplarynyň 6 müňden gowragy okaýar

Ýanwar 19, 2023 | 23:12 |5228
Şeýle maglumatlar penşenbe güni Aşgabatda Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda mälim edildi. Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarstanyň bilim we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň  geljeginiň ulydygyny belläp, ony döwlet derejesine çykarmagyň zerurdygyny aýtdy.Şeýle maglumatlar penşenbe güni Aşgabatda Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda mälim edildi. Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarstanyň bilim we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň  geljeginiň ulydygyny belläp, ony döwlet derejesine çykarmagyň zerurdygyny aýtdy.
Çeşme: russian.rt

Şeýle maglumatlar penşenbe güni Aşgabatda Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda mälim edildi. Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarstanyň bilim we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň geljeginiň ulydygyny belläp, ony döwlet derejesine çykarmagyň zerurdygyny aýtdy.

– Minnihanow “Tatarstanyň uniwersitetlerinde türkmen talyplarynyň sanynyň artýandygyny we häzirki wagtda maksadaokgunly, jogapkärçiligi duýýan ýaşlaryň sanynyň 6 müňden gowrakdygyny” aýtdy – diýlip, Tatarstan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet saýtynda çap edilen habarda bellenip geçilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarstanyň ýolbaşçysynyň sözlerini goldap, gumanitar ugurda taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň iki ýurt üçin möhüm ähmiýete eýediginini we Tatarstan Respublikasynyň uniwersitetlerinde okaýan türkmenistanly ýaşlaryň sanynyň artmagynyň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň has-da berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň geljegi uly sebiti hökmünde Tatarstana berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi we Wolga Bulgariýasy tarapyndan yslamyň kabul edilmeginiň 1100 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara Türkmenistanyň gatnaşandygy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026