Tokaýew Gazagystanyň parlamentiň işini ýatyrdy


Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň parlamentiniň (Majilisiniň) aşaky palatasynyň we ähli welaýatlaryň maslihatlarynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak hakynda karara gol çekdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.
Öz kararyny Tokaýew raýatlar tarapyndan umumymilli referendumda goldanyljak konstitusion özgertmäniň zerurlygy bilen düşündirdi.
Prezident parlamentarilere olaryň işjeň we netijeli işi üçin minnetdarlyk bildirdi we deputatlaryň täzelenen düzüminiň ýurduň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna täze itergi berjekdigine umyt bildirdi.
Majilisiň deputatlarynyň nobatdan daşary saýlawlary 2023-nji ýylyň 19-njy martyna bellenildi. Maslihatlaryň ähli derejelerdäki deputatlarynyň saýlawlary Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan belleniler.
ORIENT habarlar








