HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Türkmenistanda Aurus awtoulaglaryny öňe ilerleder

Ýanwar 19, 2023 | 21:13 |11155
Russiýa Türkmenistanda Aurus awtoulaglaryny öňe ilerleder diýip, penşenbe güni Aşgabatda wise-premýer, Tatarystanyň senagat we söwda ministri Olag Korobçenko aýtdy. Ol Türkmen-rus işewürlik-forumyna gatnaşýar.Russiýa Türkmenistanda Aurus awtoulaglaryny öňe ilerleder diýip, penşenbe güni Aşgabatda wise-premýer, Tatarystanyň senagat we söwda ministri Olag Korobçenko aýtdy. Ol Türkmen-rus işewürlik-forumyna gatnaşýar.
Çeşme: www.allcarz.ru

Russiýa Türkmenistanda Aurus awtoulaglaryny öňe ilerleder diýip, penşenbe güni Aşgabatda wise-premýer, Tatarystanyň senagat we söwda ministri Olag Korobçenko aýtdy. Ol Türkmen-rus işewürlik-forumyna gatnaşýar.

“Şu gün irden biz bu ýere, foruma gelýärkäk, “Mersedeslerden” ybarat uly awtoulag kerweni bizi ozup geçdi. Men barýan we näme üçin olar “Mersedesleri” münýärler? diýip, pikir edýän. Ýogsa, Aurus has ýokary hilli, tutuşlygyna importuň öwezi doldurylan, Türkmenistana dostlukly ýurt bolan Russiýada öndürilýär. Men Aurusuň tarapdary” diýip, Korobçenko aýtdy.

Ol Tatarystana dolanyp baryp, Aurusy öndürýän kärhananyň ýolbaşsylary bilen gürleşjekdigini belledi.

“Bize Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen gürleşmek we ýüz öwrüp bolmajak teklip aýtmak gerek. Ol biziň hem bronlaşdyrylan, hem sedan derejeli adaty Aurus awtoulaglarymyz bolar” diýip, Korobçenko aýtdy.

“Respublikada häzir Aurus -- “Komendant” täze awtoulagy öndürip başladylar, bu jipleriň tanyşdyrylyşy Tatarystanda 28-nji fewralda geçiriler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aurus – “lýuks” derejeli awtoulaglaryň ilkinj rus brendi bolup, häzir onuň öndüriliş ulgamynda limuzin, sedan hem-de ýolsuz ýerlerden ýöreýän görnüşleri bardyr. Kompaniýanyň paýdarlary – FGUP “NAMI” (63,5%), BAE-niň goranyş, howpsuzlyk we ösüş Gaznasydyr. Aurus awtoulaglary Ýelabugadaky (Tatarystan) zawodda öndürilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026