HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Aşgabada geldi

Ýanwar 19, 2023 | 02:53 |4368
18-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Aşgabada geldi.18-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Aşgabada geldi.
Çeşme: Watan

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Aşgabada geldi

18-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Aşgabada geldi. Ol Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda ýurdumyza meýilleşdirilýän resmi saparynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzüminde-de bolar. Bu sapar däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ýardam berer.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli russiýaly myhmany ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Myhmanyň awtoulagy Halkara howa menzilinden özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Rustam Minnihanow Russiýanyň iri sebitleriniň biriniň – Tatarystan Respublikasynyň prezidenti hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda ýurdumyza meýilleşdirilýän resmi saparynda beýleki sebitleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine-de girer.

Saparyň dowamynda Aşgabatda ýokary derejede gepleşikler geçiriler. Şeýle hem Rustam Minnihanow iş saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilen çärelere gatnaşar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026